DÖWLET SYLAGYŇYZ GUTLY BOLSUN, GUTLY MUGALLYM!
23Türkmen alabaýynyň baýramy arassa ganly tohum itlerimiz bilen birlikde olary ýetişdirýän itşynaslara goýulýan sylag-sarpanyň toýudyr. Baýramçylyk mynasybetli döwlet sylagy bilen sylaglanan ildeşlerimiziň hatarynda türkmen alabaýlaryny gorap saklamak, köpeltmek ugrunda yhlas edýän, bilim-tejribelerini ýaşlara öwredýän mugallymymyzyň — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan itşynasy Gutly Goşaýewiň hem bolmagy bizi buýsandyrýar. Gutly mugallym ýürek buýsanjyny, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny şeýle beýan edýär:
— Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ada eýe bolmagym özüm, maşgalam bilen bir hatarda kinolog talyplarym üçin hem hoş habar, höweslendiriji waka boldy.
Men 1993-nji ýylda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetini weterinar lukmany hünäri boýunça tamamladym. Soňra weterinar hünärmen, weterinar lukman bolup, şol sanda Aşgabat şäheriniň weterinariýa birleşiginiň düzümlerinde dürli wezipelerde işledim. 2008-nji ýyldan bäri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynda zähmet çekýärin.
Çagalykda özümi bilelim bäri «Ýolbars», «Aždar», «Şirhan» ýaly alabaýlarym bilen bile ulaldym. Soňra olara yhlasym has-da artdy, Körgaplaňyň ugrundan Gaplaň ýaly alabaýlarym ýaryşlarda üstünlik gazanyp başlady. Olar çagalyk dostumyz, ömürlik hemramyz. Häzirki wagtda hojalygymdaky Körgaplaňyň, Akguşuň ugruna degişli Ýolbars bilen Goňurja hem-de uniwersitetimizdäki alabaýlara şägirt-talyplarym bilen ideg edýärin. Çagalarymyň hem şu ugra höwesi uly.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde kinologiýa taýýarlyk ugrunyň açylmagy-da alabaýlarymyz hakynda döwlet derejesinde aladanyň uludygyny görkezýär. Eýýäm iki tapgyr uçurymlarymyzy işe ýolladyk.
Kafedramyzda «Alabaý güjükleriniň wirusly içgeçme keseliniň bejeriliş we öňüni alyş çäreleriniň aýratynlyklary» atly temada ylmy işi alyp barýarys. Onuň çäginde birnäçe waksina synag edilip, iň netijelileri saýlanyp alyndy. Alabaýlaryň çalt ulalýandygy üçin olaryň saglygy barada irgözinden alada etmeli, hatda iki aýlyk bolýança garaşman, öňräginden keselleriň öňüni almak işlerini geçirmeli. Alabaýlarymyz arassa ganly, duýgur bolansoň, olar aýratyn üns-aladany talap edýär.
Şeýle-de «Umumy we hususy hirurgiýa» okuw kitabyny, «Itleriň keselleri we şikeslenmeleri» atly we başga-da birnäçe okuw gollanmalaryny taýýarladym. Ýokary okuw mekdebimizde kinolog talyplarymyz bilen ýarawsyz itlere operasiýa işlerini geçirmek üçin zerur enjamlarymyz bar. Bu ugurda weterinar alymlar, lukmanlar bilen hem ylmy hyzmatdaşlyk edýäris. Geljekki hünärmenlere ilkinji ýyllaryndan itşynaslygyň syrlary, sanjym geçirmekden başlap, zerur weterinariýa bilim-başarnyklary öwredilýär.
Ýerlerde, welaýatlarda saparda bolup, itşynaslara maslahat bermekde, degişli temalarda okuwlary geçmekde yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Häzirki döwürde it eýeleri bilen onlaýn görnüşde habarlaşyp, gerekli maslahatlary bermäge-de mümkinçilik bar.
Umuman, alabaýlara söýginiň, olar baradaky aladanyň barha artýandygy guwandyryjydyr. Bu babatda ählimize nusga bolýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ähli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Gutly GOŞAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mallaryň kesellerini anyklamak we
bejermek kafedrasynyň uly mugallymy,
Türkmenistanyň at gazanan itşynasy.