ZENANLARYŇ GATNAŞMAGYNDA «HALAL ZÄHMET — BEREKEDIŇ GÖZBAŞY» ATLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY GURALDY
212025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Oba hojalyk ministrliginiň bilelikde guramagynda Hasyl toýy mynasybetli «Halal zähmet — berekediň gözbaşy» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň, «Bereketli toprak» gazetiniň wekilleri hem-de uniwersitetimiziň halypa mugallymlarydyr talyp gelin-gyzlary gatnaşdylar.
Rysgal-berekediň, bolçulygyň baýramyna bagyşlanan bu çärede Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny batly depginler bilen mundan beýläk-de ösdürmekde alnyp barylýan işler, gazanylýan üstünlikler, daýhanlarymyza döredilýän mümkinçilikler, öňdebaryjy oba hojalykçy zenanlaryň alyp barýan işleri dogrusynda söhbet edildi. Bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagyny täze derejelere çykarmaga aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda bu pudaga iň täze tehnologiýalar, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, ösen döwletleriň öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrylýar.
Uniwersitetimiziň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň şirin owazly aýdymlary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar zenanlarymyza aýratyn sarpa goýýan, obasenagat toplumyny, döwlet ýaşlar syýasatyny ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.