UNIWERSITETIMIZDE IV AÇYK HALKARA INTERNET EKOLOGIÝA OLIMPIADASY GEÇIRILDI

414
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bilim ulgamynda halkara çärelerdir bäsleşiklere giň gerim berilýär. 2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepeleriniň talyplarynyň arasynda IV açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasy geçirildi.

Olimpiadanyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde ýaş alymlaryň we talyp ýaşlaryň taýýarlan ylmy-taslama işleri bilen tanyşdylar. Dabarada çykyş edenler oňa gatnaşyjylaryň ählisine uly üstünlikleri, bäsleşigiň netijeli geçmegini arzuw etdiler. Gutlag çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk göreldesinden ruhlanyp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri, alnyp barylýan ekologiýa syýasatyny ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, ýiti zehinli, maksada okgunly ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ekologik bilimlerini we endiklerini kämilleşdirmek, ylmy-döredijilik işine we halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklaryny, şeýle-de özara dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasy ýaşlaryň kämilleşmeginde, geljekki hünärmenleriň dünýägaraýşyny ösdürmekde möhüm ähmiýetli boldy.

Halkara bäsleşigiň açylyş dabarasy ýokary okuw mekdebiniň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň çykyşlary bilen dowam etdi. Hasyl toýunyň öňüsyrasynda geçirilen dabarada dostlukly halklaryň milli medeniýetini we sungatyny açyp görkezýän aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi.

IV açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasynda populýasiýalaryň ekologiýasy we biosferasy; adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologiýa meseleleri; senagat ekologiýasy; ekologik monitoring; ekologiýa kanunçylygy we halkara guramalar bilen baglanyşykly ýumuşlar hödürlendi. Olimpiada gatnaşan talyplaryň işleri programma üpjünçiligi arkaly bahalandyryldy we toplanan ballaryň jemi boýunça netijeler jemlendi.

Bäsleşige gatnaşyjylar şeýle giň gerimli ylym-bilim özgertmeleriniň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Bäsleşigiň netijeleri bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52