YLMY-TASLAMA SERGI BÄSLEŞIGINDE GELJEGI ULY AGROSTARTAPLAR GOLDANYLDY
18Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaş alymlarynyň, talyp ýaşlarynyň arasynda «Ylymly ýaşlar döwletimiziň geljegidir» atly oba hojalygy we daşky gurşawy goramak boýunça agrostartaplaryň ylmy-taslama sergi bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige badalga bermek dabarasynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanda ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagyna, hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, häzirki zaman ylym we bilim ulgamlary bilen sazlaşykly ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda»,«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» talyp ýaşlaryň, ýaş alymlaryň ylmy başlangyçlaryny goldamak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, Watana wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça möhüm wezipeler öňde goýulýar. «Türkmenistanda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» esasynda türkmen ýaşlarynyň ylymda, tehnikada we tehnologiýalarda gazananlary giňişleýin wagyz edilýär.
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ýaş alymlar geňeşiniň işjeň gatnaşmagynda guralan bäsleşige ýaş alymlardyr talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Bäsleşige oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, azyk, dokma senagaty ýaly dürli ugurlara degişli onlarça taslama hödürlenildi, döwrebap agrostartaplar tanyşdyryldy. Hödürlenen işleriň hatarynda biotehnologiýa usuly arkaly galaktomannan öndürmek, oba hojalyk mallarynyň galyndylaryny gaýtadan işlemek, galyndysyz biologik geliotoplumlary döretmek, miwe we bakja önümleri goşulan dorag öndürmegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmek, robototehnika, sanlylaşdyrmak, üzümi guşlardan goramak, galyndylardan öndürilen ýüpek ýüplüginiň, garyşyk ýüplükleriň hilini ýokarlandyrmak, öri meýdan şertlerinde maldarçylygy alyp barmagyň innowasion tehnologiýalary, ýyladyşhanalarda gök ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýerli serişdelerden peýdalanmak, ekologiýa boýunça ylmy-taslamalar bar.
Her ýyl guralmagy däbe öwrülen «Ylymly ýaşlar döwletimiziň geljegidir» atly ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi 2 tapgyrda geçirilýär. Onuň birinji tapgyrynda saýlanan işler Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilen jemleýji tapgyra gatnaşdyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň: «Biz oba hojalyk pudagynyň işini ylym hem-de ýokary tehnologiýalar esasynda geljekde hem giň gerim bilen ösdürmegi dowam etdireris» diýen sözlerinden ruhlanýan ýaş alymlardyr talyp ýaşlar döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýärler.