ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ 3 DERS BOÝUNÇA BÄSLEŞIKLERI GEÇIRILÝÄR

300
Ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bilelikde bäsleşikleri geçirmäge aýratyn üns berilýär. 2026-njy ýylyň 13-14-nji noýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 3 ders — matematika, fizika we informatika boýunça ders bäsleşikleriniň 1-nji tapgyry geçirildi. Oňa ýurdumyzyň her bir orta hünär okuw mekdebinden her dersden 4 talyp gatnaşýar. 

Bäsleşigiň 1-nji (welaýat) tapgyry onlaýn görnüşinde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. 2-nji (döwlet) tapgyry bolsa 2026-njy ýylyň 24 — 26-njy noýabry günlerinde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynda guralar. Bäsleşigiň ýeňijileri diplomlar bilen sylaglanar.

Bäsleşigiň 1-nji tapgyrynyň netijeleri bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz:



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52