TÜRKMENISTANDA WE DÜNÝÄDE AGROTOKAÝÇYLYGYŇ ÖSDÜRILIŞI HAKYNDA PIKIR ALŞYLDY

840
14-nji oktýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyplaryň, hünärmenleriň we beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi. Nobatdaky ylmy-tejribe duşuşygynda Türkmenistanda we dünýäde agrotokaýçylyk, tokaýlara ideg edilişi barada çykyşlar diňlendi.
Duşuşykda, ilki bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy Muhammet Hojamuhammedow agaçlara ideg etmekde suwuň tygşytly peýdalanylmagy, «Groasis waterboxx» taslamasy, ýagny suw gutusynyň kadaly suwaryş işini alyp barmakdaky ähmiýeti hakynda gürrüň berdi.
Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, «Groasis waterboxx» ulgamy arkaly hatda Sahara çöllüginde hem tokaý agaçlarynyň gögerijiligi 90 %-e barabar boldy. «Groasis waterboxx» — suw gutusyna oturdylan ösümliklere suw ýetmezçilik eden wagty toprakdaky çäkli meýdanyň suw sygymynyň göwrümi 70-75 %-den peselende, grawitasiýa güýji arkaly bu enjamdan suw damjalary kök ulgamynyň ýerleşýän tarapyna akyp başlaýar. Haçanda, toprakdaky suw sygymynyň göwrümi 70-75 %-e ýetende, suw akmasy kesilýär. Şeýle-de bu gurluşyň üsti bilen ösümlikler suw bilen uzak wagtlap üpjün edilýär.
Ylmy-tejribe duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Şamämmet Annaýew agrotokaýçylyk babatda tebigata esaslanýan çözgütler, şeýle-de daşary ýurtlarda agrotokaýçylygyň ösdürilişi, ekosyýahatçylyk hakynda çykyş etdi.
Hünärmeniň bellemegine görä, tebigy we senagat zolaklarynyň tokaýlaşdyrylmagy daşky gurşawa oňaýly täsirini ýetirýär, epgegiň we tozanly ýelleriň zyýanly täsirini azaldýar. Şeýle-de tokaýlar suwaryş ulgamynyň işini gowulandyrýar, topragyň şorlaşmagynyň we batga öwrülmeginiň öňüni alýar.
Ygalyň köp düşýän ýerlerinde suw ýygnaýjy ulgamlaryň gurulmagy suw üpjünçiligini kadaly alyp barmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda dag eteklerinde sil suwlaryny toplamak bilen bagly işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa agrotokaýçylygy ösdürmäge, suw bilen üpjün etmäge uly ýardam berýär.
Duşuşygyň ahyrynda hünärmenler dünýä tejribesini öwrenip, ýurdumyzyň oba hojalygynda peýdalanmagyň ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmekdäki ähmiýetiniň juda uludygyny bellediler.

Jora DŽUMAKULOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň gidromeliorasiýa fakultetiniň
gidromeliorasiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52