Ýaş weterinar lukmany

693
Bu ylmy gurnak Weterinar lukmançylygy fakultetinde hereket edip, onuň agzalary weterinar lukmançylygyna, ýurdumyzda maldarçylygy we guşçulygy ösdürmegiň ugurlaryna degişli ylmy barlaglary alyp barýarlar. Gurnakda «Mallaryň tebigy zyňyndylaryny kompost gurçuklarynyň kömegi bilen zyýansyzlandyrmak we peýdaly maddalary almak», «Türkmen alabaý güjükleriniň wirusly içgeçme keselleriniň bejeriliş we öňüni alyş aýratynlyklary», «Balary maşgalasynyň ösüşine we bal önümliligine goşmaça iýmitlendirmegiň täsiri», «Hindi guşlaryny meýdan şertlerinde ösdürip ýetişdirmegiň aýratynlyklary» ýaly temalarda ylmy işler alnyp barylýar. 
«Ýaş weterinar lukmany» ylmy gurnagynyň esasy iş ugurlarynyň biri atçylyk bilen baglanyşyklydyr. Bu babatda güneşli ülkämizde duş gelýän meýdan atlary, ahalteke atlarynyň nesil hiline olaryň ugurlary boýunça seljerme bermek, atlary iýmitlendirmek ýaly temalarda ylmy işler netijeli alnyp baryldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm