KALBYMYZY JOŞDURAN HOŞ HABAR

1091
Hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmek hakynda» Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar bilen bir hatarda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Nury Sakçyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we pul baýragy bilen sylaglandy.

Zehinli ýaşlar Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly baýramyny has-da dabaralandyrmak, nusgawy şahyryň baý edebi mirasyny giňden wagyz etmek, öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleri wasp etmekde, Magtymguly Pyragynyň watansöýüjiligi, agzybirligi, ynsanperwerligi, dost-doganlygy ündeýän pähim-paýhasly goşgularyndan ylhamlanyp, kämil edebiýat we sungat eserlerini döretmekde görkezen aýratyn hyzmatlary, şeýle hem medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklary üçin sylaglandylar.

Döredijilik dünýäsinde özüni tanadan talyp deň-duşumyza gowşurylan Şa serpaýy biziň ählimiz üçin uly sowgat boldy. Onuň eserlerinde Watan söýgüsiniň iň ajaýyp duýgularyň gözbaşydygy nygtalýar. Arkadagly Gahryman Serdarly, Gahryman Arkadagly berkarar döwletde ýaşaýandygymyza, okaýandygymyza, döredýändigimize guwanç şöhlelenýär.

Uniwersitetimiziň golaýda çap edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgular ýygyndysynda hem Nury Sakçyýewiň «Watanym», «Watan yşky — Garaşsyzlyk», «Bir seni söýmüşem, Watan!», «Hakydaň öçmez çyragy», «Size köňül gazalym, Magtymguly Pyragy!», «Gyş goşgusy», «Ömür teoremasy», «Ýerdäki melegim», «Hergiz sözümde duraýyn», «Güýz», «Men seni söýmedim görmegiň üçin», «Ýagyş ýaganda», «Soňlandyrmasy bar», «Ruhy seda», «Kämillik», «Baglylyk» atly goşgulary ýerleşdirildi.

Biz hem uniwersitetimiziň bagtyýar talyp ýaşlarynyň adyndan buýsançly kalby ylhamdan püre-pür talyp ýoldaşymyz Nury Sakçyýewi tüýs ýürekden gutlaýarys. Oňa mundan beýläk hem okuwlarynda üstünlikleriň hemra, döredijilik äleminde galamynyň ýiti bolmagyny arzuw edýäris.

Begenç BAÝRAMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 
Senagat balykçylygy  taýýarlyk 
ugrunyň (bakalawr) 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm