Ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerini dünýä standartlaryna laýyklykda ösdürip ýetişdirmeklik

466
Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn syýasaty ilkinji nobatda halkymyzyň bähbidine gönükdirilip, bu günki gün özüniň mynasyp netijelerini berýär. Oba hojalyk pudagynda ekerançylyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekde we gaýtadan işlemekde ulanylýan tehnologiýalar azyk howpsyzlygynyň watanymyzda doly berjaý edilýändiginiň subutnamasydyr. 
Häzirki wagtda hususy telekeçilerimiz tarapyndan azyk önümlerini öndürmek dünýä standartlaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şoňa laýyklykda hem eksport edilýän önümlerimiz daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýar. Azyk önümleriniň öndürilişiniň ýokary hili we howpsuzlygyna laýyklykda olara diňe bir ISO 9001, ISO 22000 ýaly laýyklyk şahadatnamalary berilmän eýsem GLOBAL G.A.P. ýaly halkara abraýly şahadatnamalar berilýär. Ýaňy ýakynda bolsa bu abraýly halkara şahadatnama ýurdumyzyň hususy kärhanasynyň mynasyp bolmagy diýseň guwandyryjy wakadyr. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde geçirilen ylmy-tejribe duşuşygymyz bu gezek ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerini dünýä standartlaryna laýyklykda ösdürip ýetişdirmeklik hakynda bolup, onda öňdebaryjy hususy kärhanalarymyzyň hataryndaky “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri çykyş etdiler. Hünärmenleriň bellemegine görä hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda ýyladyşhanada we açyk meýdan şertlerinde pomidor, alma, badam ýaly oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanyp, bu ugurda bol hasyl alýarlar. Esasan hem ýyladyşhana şertlerinde ösdürip ýetişdirilýän pomidorlary diňe bir içerki bazarlarymyza däl-de daşary ýurtlara hem eksport edýärler. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri ýaňy ýakynda hojalyk jemgyýetine dünýäniň iň bir ýokary derejedäki hasaplanylýan GLOBAL G.A.P. halkara standarty gowşurylyp, bu şahadatnama ýurdumyzyň telekeçilerine berlen ilkinjisi boldy. Germaniýa döwleti tarapyndan hödürlenilen bu abraýly standarty almakda kärhanalarda oba hojalyk önümleriniň howpsyzlygy, bu ugurda işleýän adamlaryň howpsyzlygy we daşky gurşawy goramaklyk ýokary derejede ýola goýulmaly. Şoňa laýyklykda hem halkara derejesindäki düzülen ýörüte topar işleriň gurnalyşynyň talaba laýyklygyna baha berýärler we netije gowy bolan ýagdaýynda bu hususy kärhana GLOBAL G.A.P. halkara laýyklyk şahadatnamasy gowşurylýar. Hojalyk jemgyýetinde oba hojalyk ekinleriniň ýetişdirilişi berk gözegçilikde saklanylyp, bu ugurda Gollandiýanyň oba hojalyk kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. 
Çykyşlar tamamlanandan soň duşuşyga gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan soraglary berip, özara pikir alyşdylar. Ylmy-tejribe duşuşygynyň ahyrynda çykyş eden “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenlerine minnetdarlyk bildirilip, indiki duşuşygyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy boýunça geçirilmegini teklip berdiler. 
Karaýew Haldurdy, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiň 
Weterinar lukmançylygy fakyltetiniň Kinologiýa taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm