Uniwersitetimiziň talyplary Demirgazyk Makedoniýa döwletinde geçirilen halkara olimpiadanyň ýeňijileri

478
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar ýylynda” döwletli diýarymyzda ýaşlara sarpa barha ýokarlanýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarymyza buýsançly nazar bilen bakylmagynyň aňyrsynda beýik ynam, giň many bar. Bu ýyl bolsa ýaşlarymyza bildirilýän uly ynamyň täze bir döwrüne badalga berildi. Çünki ynam adamy özgerdýär, uly ösüşlere, üstünliklere iterýär. Bu günki gün kalplary watançylyk  söýgüden doly, hyjuwly, gaýratly bagtyýar türkmen ýaşlarymyz Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän belent ynamyndan ruhlanyp, ylym-bilim taýdan kämillige tarap ýol alýarlar. Olaryň halkara derejesinde görkezýän netijeleri bolsa, hakykatdan hem ýurdumyzda giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlaryň ýetişýändiginiň  subutnamasydyr. 
Nurly geljegimiziň kepili, ylymdan-bilimden ýüki ýeterlik türkmen ýaşlarymyz bu günki gün halkara derejesinde geçirilýän dürli bäsleşiklere gatnaşyp, mynasyp çykyş edýärler. Ýaňy ýakynda Demirgazyk Makedoniýa döwletiniň Struga şäherinde ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň arasynda matematika dersi boýunça 17-nji halkara “SEEMOUS - 2023” olimpiadasy geçirilip, oňa ýurdumyzyň ylymly-bilimli talyplary bilen birlikde Albaniýadan, Gresiýadan, Bolgariýadan, Demirgazyk Makedoniýadan, Rumyniýadan ýüzden gowrak talyplar gatnaşdylar. Günorta-Gündogar Ýewropanyň Matematika jemgyýetiniň gurnamagynda geçirlen ders bäsleşigine ýurdumyzdan gatnaşan talyplar  üstünlikli çykyş edip, 4 kümüş hem-de 11 sany bürünç medalyň eýesi boldular. Şolaryň arasynda uniwersitetimiziň Oba hojalygyň mehanizasiýasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyplary Umyt Gurbanow we Sapa Hojamgulyýew bu bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, bürünç medalyň eýesi bolmagy başardylar. Halkara ders bäsleşiginde adalatly baha beren eminler topary türkmen talyplarynyň yhlasynyň, başarjaňlygynyň we bilim derejeleriniň ýokarydygyny aýratyn belläp geçdiler. Talyplarymyzyň ders bäsleşiginde görkezen netijeleri diňe bir olaryň däl-de, eýsem beýleki talyp deň-duşlarynyň hem üstünlige bolan höwesini artdyrýar. 
Elbetde, kalplary watançylyk söýgüsinden doly bagtyýar türkmen ýaşlarynyň halkara bäsleşiklerinde gazanýan ýeňişleri Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän beýik ynamynyň, halypa mugallymlaryň bolsa halal zähmetiniň hem-de yhlasynyň ýerine düşýändigini kepillendirýär. Çünki talyplarymyzyň üstünligi-ata watanymyzyň üstünligidir!
Saryýewa Ýagşygül
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Amaly mehanika kafedrasynyň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm