«MATERIALLARYŇ GARŞYLYGY» DERSINDEN ONLAÝN OKUW-USULY SAPAGY GEÇIRILDI

624
1-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda Russiýa Federasiýasynyň W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda onlaýn umumy sapak geçirildi. Onda uniwersitetimiziň amaly mehanika kafedrasynyň uly mugallymy Jumanepes Hojanepesow «Materiallaryň garşylygy» dersinden «Sterženleýin ulgamlarda süýnmede we gysylmada statiki kesgitlenilmeýän ulgamlaryň hasaplanylyşy» temasy boýunça gürrüň berdi.

Umumy sapakda ýurdumyzyň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, oba hojalyk we senagat gurluşygynda gabat gelýän dürli sterženleýin ulgamlaryň inženerçilik taýdan berkligini, gatylygyny we durnuklylygyny hasaplamak bilen bagly statiki kesgitlenmeýän meseleleriň çözülişi barada giňişleýin maglumat berildi. Bu meseleler çözülende olaryň statik, geometrik we fiziki taraplary giňişleýin düşündirildi. Mundan başga-da, daşky güýçleriň ýüklenen we ýüklenmedik pursatlary, howanyň temperaturasynyň üýtgemeginiň täsirinden döreýän dartgynlylyklary kesgitlemek bilen bagly meselelere seredilip geçildi. Dürli konstruksiýalaryň elementleriniň taslama ölçegleriniň nätakyk alnyp ýasalan we ýygnalan ýagdaýlarynda döreýän montaž dartgynlylyklary bilen bagly meseleleriň çözüwi sapagyň täsirini has hem artdyrdy.

Geçirilen sapagyň dowamynda hyzmatdaş ýokary okuw mekdebiniň wekilleri hem tejribelerini paýlaşdylar.

Bahram MATÝÄKUBOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň
amaly mehanika kafedrasynyň
uly mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm