UNIWERSITETIMIZIŇ TALYBY «UNIWERSAL SÖWEŞ» BOÝUNÇA DÜNÝÄ KUBOGYNDA ÜSTÜNLIK GAZANDY

392
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby Muhammetguly Orazgeldiýew 2024-nji ýylyň 24 — 29-njy apreli aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Erdemli şäherinde sportuň «Uniwersal söweş» görnüşi boýunça geçirilen Dünýä kubogynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly II orna mynasyp boldy.

Ol şu ýylyň 27 — 29-njy fewraly aralygynda «Uniwersal söweş» boýunça Türkmenistanyň çempionatynda hem 60 kg agram derejesinde çykyş edip, baýrakly I orna hem-de Hormat hatyna mynasyp bolupdy.

Geçen ýyl Muhammetguly Orazgeldiýew Türkmenistanyň «Hanmudo» söweş sungaty federasiýasynyň sportuň «MMA DRAKA» görnüşi boýunça geçiren ýaryşlarynda birnäçe gezek ýeňiji boldy, şeýle-de noýabr aýynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň guramagynda geçirilen sportuň «Uniwersal söweş» görnüşi boýunça ýurdumyzyň çempionatynda I orna, şol görnüş boýunça Ahal welaýatynyň açyk çempionatynda hem I orna mynasyp boldy.

Gadamdurdy HOJAMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar 
lukmançylygy fakultetiniň Weterinar 
lukmançylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm