DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI ÖSDÜRIP ÝETIŞDIRMEK WE GAÝTADAN IŞLEMEK BOÝUNÇA PIKIR ALŞYLDY

209
Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň, hünärmenleriň we beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda ylmy-tejribe duşuşygy geçirildi. Duşuşykda telekeçi Azat Gurbanow dermanlyk ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek, gaýtadan işlemek hem-de olaryň peýdaly ähmiýeti dogrusynda çykyş etdi.

Telekeçiniň aýtmagyna görä, gözel tebigatymyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň lukmançylykdaky ähmiýeti ýokary bolup, olar birnäçe keselleri bejermäge hem-de öňüni almaga uly ýardam berýär. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynda hem bu barada gymmatly maglumatlar berlip, peýdaly dermanlyk ösümlikleriň uly toplumy bilen tanyşdyrylýar.

Häzirki wagtda dermanlyk ösümlikleri medenileşdirmek uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa ýabany ösýän peýdaly ösümlikleriň tebigatda azalmagynyň, ýitip gitmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin medeni şertlerde ösdürip ýetişdirmek käbir ösümlikler, esasan-da, tebigatda az duş gelýänleri üçin has ähmiýetlidir. 

Telekeçiniň gürrüň bermegine görä, göýül, buýan, çomuç, saflor, sarybogun, zenjebil, rozmarin, alapakyr ýaly birnäçe ösümlikleriň dürli ugurlar boýunça adam saglygyny dikeltmekde, ýüze çykyp biljek birnäçe keselleriň öňüni almakda peýdasy uludyr. Geçirilen barlaglar göýül ösümliginiň köp näsaglyklar bilen birlikde babasyl keselini bejermekde, içegedäki gurçuklary aýyrmakda, bagry we öt haltasyny arassalamakdaky ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Mundan başga-da, bu ösümlik ganazlygy bejermäge hem ýardam berýär.

Ýurdumyzyň tejribeli telekeçileri çomuç, buýan ýaly ösümlikler bilen bir hatarda, göýüli hem medeni ýagdaýda ösdürip ýetişdirmäge uly gyzyklanma bildirýärler.

Sülgün REJEPOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Maldarçylyk önümlerini gaýtadan
işlemek kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm